Belli bolşy ýaly, Akdost lakamly türkmen alabaýy 2021-nji ýylda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa dost-doganlygyň nyşany hökmünde sowgat berilipdi. Akdost häzirki güne çenli Tatarystanda özüniň düşbüligi, akyllylygy, eýesine wepadarlygy, owadanlygy bilen birnäçe baýraklara hormat hatlara mynasyp bolup gelýär. Tatarystanyň baştutany hem Akdost lakamly türkmen alabaýy bilen baglanyşykly suratlaryny özüniň resmi telegram sahypasynda köpçülik bilen paýlaşyp durýar. Bu günki baýramçylyk mynasybetli ak garyň üstünde gül bilen düşen suratynda hem alabaýyň agras, salyhatly durşy, seredişi göreni haýrana goýýar.
From the book "Turkmen Alabay" by Hero Arkadag:
- ALABAY - THE TREASURE OF OUR COUNTRY. IT IS THE NATIONAL VALUE OF OUR ANCIENTS. IT IS OUR RESPONSIBILITY TO PROTECT IT, TO PASS IT TO OUR GENERATIONS WITH ALL OF ITS WONDERFULNESS.